Dünýäniň nazaryndaky taglymat

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy berkitmek, abadan durmuşy üpjün etmek babatda öz taryhy-syýasy ähmiýetini barha pugtalandyrýar. Bu aýratyn hem, Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň durmuş-ykdysady gurşawyna öz oňyn täsirini ýetirip, halkara hyzmatdaşlygy babatda ägirt uly ykdysady-syýasy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatda täze gözýetimleri açýar. Muňa dünýäniň ösen döwletleridir halkara guramalaryň sebitiň döwletleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bildirýän gyzyklanmalarydyr durmuşa geçirýän tagallalarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Sebit formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerlemeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty örän uly ähmiýete eýedir. Bu hakykat häzirki wagtda bütin dünýäde belent ykrara eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem sözümiziň aýdyň delilidir.
ABŞ-da sebitiň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit hem sebit we dünýä ähmiýetli parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Muňa «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi», «Merkezi Aziýa — BMG», «Merkezi Aziýa — Hytaý», «Merkezi Aziýa — Russiýa», «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy», «Hindistan — Merkezi Aziýa», «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň barha ýaýbaňlanmagynyň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda dünýäniň syýasy giňişliginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän tagallalar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ynsanperwer taglymatynyň barha işjeňleşýändiginiň aýdyň güwäsidir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
