Waspy dillerde dessan

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar biziň welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar. Dabaralardyr çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak babatdaky başlangyçlary, teklipleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikler dogrusynda buýsançly çykyşlar edilse, sungat ussatlary öz aýdym-sazlarynda olaryň waspyny belentden ýetirýär. Şeýle çäreleriň biri golaýda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň guramagynda, bilim işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde geçirildi. Onda merkeziň döredijilik toparlarynyň, gurnak höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly aýdymy ajaýyp döwrümiziň waspy bolup ýaňlandy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
