
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň çuňňur bilim almagy, bu ugurda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan beýik işleriň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden, Russiýadan, Belarusdan, Moldowadan, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Özbegistan, Gruziýa ýaly döwletlerden jemi 158-den gowrak talyp öz ylmy-taslamalary bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar.
Iki günläp dowam eden halkara çärede oňa gatnaşyjylaryň ylmy-tasmalary diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Bäsleşigiň ikinji gününde onuň jemi jemlenip, mynasyp orny eýelän ýeňijiler höweslendirildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available