Sanly ykdysadyýetiň döwrebap mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmaklyga, kämil aragatnaşyk serişdeleri arkaly işiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýet döredilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi tapgyrlaýyn häsiýete eýe bolup, netijelilik babatda durnukly ösüş gazanylýar. Muňa «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda öňdebaryjy halkara tejribelerinden we dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak ýokary depginde dowam etdirilýär. Berkarar döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler täze taryhy döwrüň belent maksatlaryndan ugur alýar. Bu ugurda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler döwrüň belent depginine kybap bolup, has döwrebap we kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Hususan-da, ýurdumyzyň ykdysady pudagyndaky edaralardyr kärhanalarda kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny gazanmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we iş-dolandyryş usullarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak işleri amala aşyrylýar. Bu özgerişler önümçilik gatnaşyklarynyň işjeňligine we netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, innowasion häsiýetli täze ykdysady gatnaşyklaryň emele getirilmegine gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
