Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Baýramçylyk sowgady gowşuryldy

04.03.2025
Baýramçylyk sowgady gowşuryldy

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda bitirýän uly hyzmatlary, Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändigi nazara alnyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, baýdak boýly gyz-gelinlerimize hormat goýmak babatdaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgadynyň gowşurylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem bu asylly çäre ýokary guramaçylykly geçirildi. Çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen dabaralarda zenanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýan bu ajaýyp sahawaty üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýtdylar. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.