
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň edermen babadaýhanlary ýylyň-ýylyna guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmekde guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler. Hojalygyň gallaçy daýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň orak möwsüminde hem Watanyň belent harmanyna ak bugdaýyň 4449,2 tonnasyny goşup, döwlete galla satmaklygyň ýyllyk tabşyrygyny artykmajy bilen berjaý etdiler.
Bugdaý oragy tamamlanan dessine täze hasylyň düýbüni tutmak işlerine ýokary guramaçylyk ýagdaýynda girişildi. Geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekiljek 2100 gektar meýdanda çuň sürüm geçirilip, ol ýerler kemsiz tekizlenildi. Atyzlar bölünip, çillenilip, suwdan oňat gandyryldy. Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri sentýabr aýynyň 5-inde güýzlük bugdaýyň ekişine girişdiler. Bu işde olara etrap «Obahyzmat» kärhanasynyň kärine ussat mehanizatorlary kömege geldiler. Ekiş toparlaýyn usulda gije-gündizleýin alnyp baryldy.
Ýer eýeleri ekişiň öň ýanyndaky sürüminde her gektara 100 kilogramdan karbamid, 200 kilogramdan hem fosfor dökünlerini berip, topragy has-da gurplandyrdylar. Ekişiň geçirilýän ýerlerinde daýhan birleşiginiň jogapkär adamlary, hünärmenleri, gallaçy kärendeçiler yzygiderli bolup, onuň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna pugta gözegçilik etdiler. Munuň özi ekişiň ýokary hilli alnyp barylmagyna, onuň geçirilen ýerlerinde sanlyja günüň içinde gyradeň, doly bahaly gögeriş gazanylmagyna ýardam etdi. Daýhan birleşiginde bugdaý ýetişdirýän gallaçy kärendeçileriň 603-si bar. Häzirki günlerde olaryň haýsy biriniň eýeçiligindäki ekin meýdanyna barsaň-da, ýaşyl öwsüp, penje ýaýradyp, atyzlary dolduryp oturan maýsalara gözüň düşýär. Güýz paslynyň soňky aýynyň sergin şemalyna ygşyldaşyp boý alýan maýsalarda daýhan yhlasy, geljek ýylyň hasylynyň berekedi görünýär. Daýhan birleşiginde güýzlük bugdaý ösdürip ýetişdirmekde we ondan bol hasyl almakda nusgalyk tejribe toplan öňdebaryjy kärendeçiler köp. Olardan eýeçiliginde 90 gektar ýeri bolan Nurmyrat Garryýew, 35 gektar ýeri bolan Ahmadjan Eşimow, 22 gektar bugdaý meýdany bolan Ogulgerek Gylyjowa, 13 gektar bugdaý ýeri bolan Maksatgeldi Akmädow hem-de 3 gektar bugdaý ýeri bolan Gazakmuhammet Kazakow dagy bolsa geljek ýylda her gektardan 30 — 35 sentnerden geçirip hasyl almaklyga borçlanýarlar.
Gallaçy daýhanlar häzirki döwürde diňe bir ýaşajyk ekinlerine ideg etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary oňat gyşlatmagyň, geljekde zyýan beriji mör-möjeklerden goramagyň aladasy bilen zähmet çekýärler. Gallaçy kärendeçiler ýaşajyk maýsalaryň gyşdan oňat çykmagyny ýerli dökünleriň köp mukdarda taýýarlanylmagynda we olaryň ekinlere wagtynda berilmeginde görýärler. Ata-babalarymyzyň «Dökün berdim, höküm berdim» diýen dana sözlerine eýerýän daýhanlar häzirki günlerde ders dökünlerini taýýarlamak we olary atyzlaryň gyralaryna daşamak hem-de bugdaýly meýdanlara sepmek işlerine-de girişdiler. Bugdaýlara ideg işleriniň sazlaşykly, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda alnyp barylmagy daýhanlara geljek ýylda bol galla hasylyny öndürmäge ýardam berer.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available