Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Obalaryň keşbi – galkynyşly döwrüň aýnasy

25.11.2025
2
Obalaryň keşbi – galkynyşly döwrüň aýnasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen obalarynyň keşbi düýpgöter üýtgeýär. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Obalardaky özgertmeler bagtyýar döwrümiziň keşbine özboluşly röwüş çaýýar. Welaýatymyzda galkynýan döwrüň belent ruhuny äşgär beýan edýän şeýle obalar sanardan köp. 
Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginiň çägindäki obalaryň soňky ýyllarda özgeren durmuşy barada söhbet etmek diýseň ýakymly. Şäherden o diýen tapawudy bolmadyk obalaryň tekiz hem giň köçelerinden ýöräp barşyňa hojalyklaryň her biriniň döwletlilikden, agzybirlikden, rysgal-bereketden paýlydygyny görmek, duýmak bolýar. Geňeşlik Rozumbaý, Şyhgala, Bäşmergen, Gülzar, Täzeýol, Garamanly obalaryny özüne birleşdirýär. Şol obalarda 25 müňe golaý ilat ýaşaýar. Geňeşligiň çägindäki 5 sany umumybilim berýän mekdepde ýaş nesle ýokary derejede bilim berilýär. Binagärligiň häzirki nusgalaryny özünde jemleýän 2 sany çagalar bagynda körpe nesiller terbiýelenýär. Oba ýaşaýjylary 5 sany oba saglyk öýüniň, 7 sany söwda dükanynyň, 1 sany çörek önümleri dükanynyň, 1 sany hususy dermanhananyň, ilata hyzmat ediş nokatlaryň 14-siniň, 3 sany awtoduralganyň hyzmatlaryndan giňden peýdalanýar. 
— Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş oba ilatynyň durmuşynda hem özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Obalarymyzyň bagtyýarlygy ildeşlerimiziň her biriniň zähmetsöýerligi bilen has-da berkeýär. Oba ilaty dürli pudaklarda zähmet çekip, halal ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek baradaky tagallalarynyň esasynda özleriniň ukyp-başarnyklary bilen halka hyzmat edip, uly abraýdan peýdalanýan telekeçilerimiziň 200-e golaýy bar. Obalarymyzyň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmegi ünsden düşürmeýäris. Ýaş maşgalalary goldamak, maşgala abadançylygyny goramak, ýaramaz endikleriň jemgyýetimize ornaşmagynyň öňüni almak maksadynda, agzybir işgärlerimiz oba ýaşululary bilen ilatyň arasynda gürrüňdeşlikleri, wagyz işlerini hem guraýarlar. Bu bolsa iş ýüzünde özüniň oňyn netijelerini berýär. Bize şeýle döwletli döwrany peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, geňeşligiň Geňeşiniň arçyny Jamal Saparbaýew guwanç bilen gürrüň berýär. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.