
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak bilen bagly çäreler welaýatymyzda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri Daşoguz şäher häkimliginiň, şäheriň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.
Toý zalynda emele gelen baýramçylyk ruhy hemmelere uly joşgun eçildi. Milli hem häzirki zaman bezeg aýratynlygyna beslenen ajaýyp görnüşler welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň guran sergileri bilen sazlaşyp, dabaranyň mazmunyny doly açyp görkezýän ýagdaýy emele getirdi. Baýramçylyk sahnasynda şäher medeniýet merkeziniň hem-de M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belentden joşgunly ýaňlanýan hoş owazly nagmalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurdumyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň, dost-doganlygyň, ösüş-özgertmeleriň, döwlet Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyna öwrülip, degre-daşy gurşap aldy. Baýramçylyk saçagynyň başynda döwre gurap oturan bagtyýar zenanlaryň nurana kalplaryna ruhy galkynyş eçilen göçgünli owazlar olaryň ýürek hoşallyklaryny has-da artdyrdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available