Mekdep okuwçylarynyň spartakiadasynda

«Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça Daşoguz welaýat birinjiligi geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, TKA-nyň welaýat birleşmesi, Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň welaýat bölümi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Küşt boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň küşt eýwanynda geçirildi. Oňa welaýatyň şäherdir etraplaryndan ökde türgenleriň 8 topary gatnaşyp, olar aýlaw esasda bäsleşdiler. Ýaryşyň netijesine görä, Köneürgenç etrabynyň okuwçy oglan-gyzlar topary on ýarym utuk bilen birinji, Daşoguz şäheriniň okuwçy oglan-gyzlar topary on utuk bilen ikinji, Gubadag etrabynyň okuwçy oglan-gyzlar topary dokuz ýarym utuk bilen üçünji orunlary eýelediler.
Şaşka boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde geçirildi. Oňa etrapdyr şäherden 7 topar gatnaşdy. Ýaryşda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň okuwçy oglan-gyzlaryna taý gelen bolmady. Olar köp utuk toplap, birinji orny eýelediler. Ikinji orny Görogly etrabynyň, üçünji orny Daşoguz şäheriniň okuwçy oglan-gyzlar toparlary eýelediler. Şeýlelikde, birinji orny eýelän türgenler döwlet derejesindäki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
