Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Arkadagyň eserleri — görelde hem ýörelge

05.03.2025
Arkadagyň eserleri — görelde hem ýörelge

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy we ata-babalarymyzyň döreden, ýol-ýörelge bolup gelýän däp-dessurlarymyzy çuňňur öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miweleri bolan kitaplary nusgalyk görelde mekdebidir. Gymmatly kitaplar ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we asyrlar aşyp kemala gelen däp-dessurlaryň dowamata atarylmagynda möhüm ähmiýetlidir.
Gadymdan bäri dowam edip gelýän türkmençilik ýörelgesi halkymyzyň arasynda milli gymmatlyklaryň beýany hökmünde orun alyp, ynam-ygtykatlarynda, däp-dessurlarynda aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda bu barada: «Kanun hemişe-de kanun, ol goralmaly. Halkymyzyň türkmençilik diýýän ýörelgesi hem jemgyýetimiz üçin kesgitli kada-kanundyr. Munuň şeýledigini geçen asyrlaryň ýaşaýyş-durmuş tejribesi subut etdi» diýip belleýär. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär» diýlip bellenilýär. Munuň özi bolsa, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak taglymatynyň nesilbaşymyz Oguz han döwründen gözbaş alýandygyny görkezýär. Pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserde döwletlilik ýörelgesiniň halkara gatnaşyklary çygryndaky ornuna hem eýedigi barada aýratyn bellenilip geçilmegi onuň döwletimiziň daşary syýasy ugry bilen berk arabaglanyşygyny açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary we edim-gylymlary, däp-dessurlary sadadan düşnükli, anyk delilleriň we düýpli ylmy garaýyşlaryň üsti bilen beýan edilýär.
Halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren, şonuň bilen bir hatarda, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etmekde, dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirilen tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.