Datly önümler il saçagyna

Ilaty süýt we süýt önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek häzirki wagtda öňde goýulýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu babatda alnyp barylýan işlere döwlet kärhanalaryndan başga-da telekeçiler, hususy önüm öndürijiler hem uly goşant goşýarlar. Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Şabat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şeýle kärhanalaryň hatarynda uly orny eýeleýär. Çünki bu ýerde ýokary hilli süýt we süýt önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, alyjylara yzygiderli ýetirilýär. Olaryň arasynda gatyk, mesge ýagy, dorag, gaýmak, peýnir we beýlekiler has köp isleg bildirilýän önümlerdir. Bu önümler döwrebap enjamlaryň kömegi bilen taýýarlanylýar hem-de dürli agramlyklarda ýörite gaplara gaplanylýar. Olar tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň ýaly-da, gaplarynyň bezegi bilen ünsi çekýär.
Kärhana şu ýylyň geçen döwründe hem ýokary talaplara laýyk önümleri öndürmekde oňat netijelere eýe boldy. Munuň şeýle bolmagynda önümçilik bölüminiň ezber işçi-hünärmenlerinden Umida Atajanowanyň, Atamyrat Saparowyň, Guwanç Gurbanowyň, Aziza Jelalowanyň mynasyp paýlary bar. Kärhanada golaýlap gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli öndürilýän önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
