Ýokary hilli önümçiligiň ylmy esaslary

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, şol sanda oba hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, ilatyň täze iş orunlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, telekeçiligiň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri döretmek, iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, internet mümkinçiliklerini gündelik durmuşymyzda ulanmak, ykjam enjamlar arkaly dürli maglumatlary geçirmek ýaly innowasion ösüşlerden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasydyr» diýmek bilen, jemgyýeti ösdürmegiň ýolunyň ylymly-bilimli, başarjaň ýaşlaryň elindedigini, ýaşlaryň ýurdumyzy ösdüriji uly güýçdügini ündeýär, oňa laýyk maddy mümkinçilikleri döredýär, okuw mekdepleriniň sanyny artdyrýar, abraýly halkara guramalar bilen aragatnaşyklara giň ýollar açýar. Häzir dünýä sanly ykdysadyýet döwrüne girip barýar. Sanly telekommunikasiýalaryň kömegi bilen emele gelýän bu ykdysadyýet döwri düýpli üýtgedýär. Islendik işe medeniýetli, ylmy esasda çemeleşmek oňyn netijeleriň kepili bolýar. Ýurdumyzda täze tehnologiýalardan başy çykýan, internet ulgamyndan medeniýetli peýdalanmagy başarýan, döwrebap bilimleri we ylmyň gazananlaryny özleşdirýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilmeginiň miweleri durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ösüşlerde aýdyň duýulýar. Jemgyýetiň ösüş kuwwaty bolan ýaşlaryň ylym-bilimleriniň innowasion tehnologiýalary öwrenmeklige, hünär başarnyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilmegi, önümçilik kärhanalarynda täze tehnologiýalaryň yzygider ornaşdyrylmagy we kämilleşdirilmegi jemgyýetiň medeniýetini ýokarlandyrýar, her bir adamy öz bilimini, gözýetimini artdyrmaga borçlandyrýar.
Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljekki meýilleri ähli ykdysady işleriň globallaşmagy bilen baglylykda özgerýär, täze işewürlik modelleri peýda bolýar. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
