Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Gyzykly ýaryş

04.12.2025
3
Gyzykly ýaryş

Golaýda Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde sportuň basketbol görnüşi boýunça şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda örän gyzykly ýaryş geçirildi. Ony Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, TDP-niň şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar. Ýaryşyň jemlerine görä, oglanlaryň arasynda 6-njy orta mekdebiň basketbolçylary üstünlikli çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldular. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji hem-de 29-njy orta mekdepleriň basketbolçylary, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 6-njy orta mekdebiň basketbolçy gyzlar toparyna birinji, 29-njy orta mekdebiň toparyna ikinji we 5-nji orta mekdebiň toparyna üçünji orunlar degişli boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.