
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp kitabyny okap, dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, şonuň ýaly-da berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen beýik filosofiýasynyň düýp mazmunyna has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu hakynda: «Bu eser diňe bir taryhy hakykatlaryň ýygyndysy däl-de, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýän milli filosofiýanyň giňişleýin beýanydyr» diýlip, kitapda hem aýratyn nygtalyp geçilýär.
«Parahatçylyk», «abadançylyk», «hoşniýetlilik», «dost-doganlyk» ýaly düşünjeler baky Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri bolup, olar merdana halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary hasaplanýar. Bu ynsanperwer häsiýetli durmuş ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlendi. Dost-doganlyk birek-birege hormat, gadyr goýmakdan başlanýar. Agzybirlik, hoşniýetlilik halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkidýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, dünýäde häzirki wagtda parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň hatyrasyna ählumumy dialogy dabaralandyrmak has ileri tutulýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky ählumumy dialogy ýola goýmakda syýasy platforma, mümkinçilikleri we tagallalary durmuşa geçirmegiň işjeň häsiýete eýe syýasy guraly bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyndaky: «Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk taglymatydyr» diýen maňzyňa batýan ajaýyp jümleleri sözümiziň aýdyň güwäsidir. Hemişelik Bitaraplygymyz il-günümiziň göwünlerine nur bolup, röwşen geljegine ynam bagyşlaýar. Çünki merdana halkymyz asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar durmuşda ýaşamagy uly bagt hasaplaýar. Şeýle bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available