Daşoguz+1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Köpçülige derwaýys önümler

15.01.2026
1
Köpçülige derwaýys önümler

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawody dürli maksatly suw gurluşygynda ulanylýan turbalary we beýleki serişdeleri taýýarlamakda derwaýys işleri alyp barýar. Ýyllyk kuwwaty 920 tonna polietilen hem-de polipropilen turbalary öndürmeklige barabar bolan kärhananyň işçi-hünärmenleri gaýratly zähmet çekmek bilen, oňat netijeleri gazanýarlar. Munuň şeýledigini geçen ýylda ýetilen sepgitler hem aýdyň tassyklaýar. Şol döwürde kärhanada dürli ölçegdäki turbalaryň 20-den gowrak görnüşi öndürilip, şertnama esasynda degişli ýerlere yzygiderli ýetirildi. Şeýle netijeler bilen ruhlanan kärhananyň zähmetsöýer agzalary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem täze üstünliklere eýe bolmak hyjuwy bilen gadam goýup, özleriniň iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan islegiň barha artýandygyny-da bellemek bolar. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.