
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Hormatly Prezidentimiz geçirýän iş maslahatlarynda şu ýylyň ýaz ekişine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek barada möhüm tabşyryklary berýär. Şonda möwsümde ulanyljak tehnikalaryň göwnejaý abatlanylmagyna hem aýratyn üns çekilýär. Munuň özi şol döwürde ekişde bökdençligiň bolmazlygyna, işleriň öndürijilikli, sazlaşykly alnyp barylmagyna gönükdirilendir.
Öňde goýulýan şeýle derwaýys wezipelerden ugur almak bilen welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň degişli edara-kärhanalarynda hem zerur çäreler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini birleşigiň Gubadag etrabyndaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň abatlaýjylarynyň, mehanizatorlarynyň gündelik iş-aladalarynyň mysalynda-da görmek mümkin.
Bu kärhananyň giň howlusynyň şeýle taýýarlyk işleriniň hakykatdan hem uly joşgun alan ýerine öwrülendigini şu günlerde onuň derwezesinden giren her bir adam anyk synlap bilýär. Çünki howlynyň ähli ýerinde hatarlanylyp goýlan dürli görnüşli traktorlar, ekijiler, çizeller, borana-malalar bu ýerde taýýarlyk çäreleriniň eýýam ep-esli böleginiň ýerine ýetirilendigini tassyklaýar. Olaryň gapdalynda öz işleri bilen gümra bolup ýören adamlaryň bolsa gyssagynyň ýeterlikdigi daşyndan seredeniňde-de bildirýär.
— Häzirki döwürde bu ýerde öz kärhanamyzdan başga-da daýhan birleşiklerine degişli ekiş gurallary-da ýygnalyp, olary abatlamak boýunça-da işler gidip dur — diýip, kärhananyň ussahana müdiri Atamyrat Garlyýew aýtdy: — Bu biziň abatlaýjylarymyzyň şeýle agzybirlikli zähmetiniň öz netijesini berýändiginiň alamatydyr. Ynha, şu görýän tehnikalaryňyzy, iş gurallaryňyzy ertiriň özünde meýdana çykarsaň hem bolar.
Gürrüňdeşimiz kärhanada taýýarlyk işleriniň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagyna tejribeli abatlaýjylaryň, mehanizatorlaryň onlarçasynyň uly goşant goşýandyklaryny nygtady. Olaryň hatarynda Tirkeş Meredow, Saparmyrat Arazbaýew, Akmyrat Halbaýew, Nepes Pasanow, Garly Pirjikow, Dädemyrat Kakabaýew we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň adamlar ençeme ýyllardan bäri bu kärhanada zähmet çekmek bilen, tehnikalary abatlamakda-da, meýdan işlerinde olara erk etmekde-de oňat görelde görkezip, ýokary netijeleri gazanyp gelýärler.
Belli bolşy ýaly, şu ýylyň gowaça ekişi möwsüminde etrap boýunça dürli kysymly traktorlaryň 80-ne golaýynyň, ekiji gurallaryň 60-dan gowragynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da çizelleriň, borana-malalaryň ýeterlik möçberleri bu ugurdaky işlerde ulanylar. Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, bu tehnikalaryň köpüsinde abatlaýyş çäreleri şu wagta çenli berjaý edilipdir.
— Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde kärhanamyza dürli görnüşli tehnikalar, olaryň iş gurallary yzygiderli gelip gowuşýar — diýip, ussahananyň müdiri sözüni dowam etdirdi: — Bu bolsa onuň enjamlaýyn binýadynyň berkidilip, işimiziň öňe gitmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Bu barada aýdylanda soňky ýyllarda 5 sany traktoryň, 6 sany takyk ekijiniň kärhanamyza berlendigini bellemek bolar. Geçen ýylyň özünde şeýle takyk ekijileriň, dökün sepijileriň, derman pürküjileriň ýene-de jemi 24 sanysy biziň ygtyýarymyza berildi. Şeýle goldaw-kömekler işçi-hünärmenlerimiziň, mehanizatorlarymyzyň ählisini örän guwandyrýar, olary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Elbetde, oba hojalyk ekinleriň her bir görnüşiniň bereketli hasylyny kemala getirmekde, ilki bilen, onuň ekişiniň talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilýär. Şonda bu babatda tehnikanyň güýjünden ýeterlik peýdalanylmagy zerur bolýar. Munuň üpjün edilmegi bolsa, mehanizatorlaryň, olara ýardam berýän abatlaýjylaryň şu günlerdäki taýýarlygyna baglydyr. Bu kärhananyň işçi-hünärmenleri-de şuny nazara alyp, gaýratly zähmet çekýärler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available