Daşoguz+1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ýokary hilli gowaça tohumy

21.01.2026
1
Ýokary hilli gowaça tohumy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent sepgitlere ýetmek, öňde goýlan meýilnamalary aýma-aý berjaý etmek ugrunda etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu günlerde bu kärhanada gowaça tohumy ýokary hilli taýýarlanylýar. Bu ýerde hereket edýän barlaghanada tohumyň hil derejesi kesgitlenýär. Şu möwsümde tohumlyk gowaça çigidiniň «Gubadag-3», «S-4727», «Jeýhun», «Daşoguz-114» ýaly görnüşleriniň 2461 tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Göreldeli işçi-hünärmenlerden Wepa Kakabaýew, Akmyrat Berdiýew, Akmyrat Goçmedow, Arazmät Arazmädow dagyny görkezmek bolar. Şu ýyl tohumlyk gowaça çigidiniň etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Zaman», «Pagtaçy», «Bereket» daýhan birleşiklerinde ekilmegi meýilleşdirilýär. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.