Göwnejaý işleriň netijesi

Halkymyzyň gadymy sungaty hasaplanylýan haly we haly önümlerini öndürmek boýunça welaýatymyzyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar geçen ýylda 1 müň inedördül metrden gowrak haly hem-de haly önümlerini dokamagyň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, kärhana boýunça 3,5 million manatlyga golaý önümiň hyrydarlara ugradylmagy üpjün edilip, önümçilikde uly ösüş gazanyldy. Kärhananyň ezber elli halyçylarynyň dürli gölleri, nagyşlary salyp dokaýan halylarynyň köpçüligiň göwnünden turýandygyny aýtmak gerek. Şonda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, desgalar üçin taýýarlanylýan, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda halka ýetirilýän haly we haly önümleri örän nepisligi bilen tapawutlanýar. Kärhananyň gazanýan üstünliklerinde onuň Gubadag, Boldumsaz we beýleki etrap önümhanalarynyň halyçylarynyň hem mynasyp goşantlary bar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
