Bedew batly Türkmenistan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ösüşleri bedew badyna beslenýär. Munuň şeýledigine geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýokary zähmet ýeňişleriniň, baý taryhy wakalaryň ýyly bolandygy hem şaýatlyk edýär. Agzybir halkymyz ýene bir şanly ýyly — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Üstümizdäki ýylyň şeýle şygar bilen atlandyrylmagy çuňňur many-mazmun gymmatlygyna eýedir.
«At — myrat» diýen paýhasa eýerýän halkymyz bedew atlary asyrlarboýy özüniň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy hasaplap gelipdir. Aslynda, türkmen halkyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, edermen türkmen ýigitlerimiz mukaddes topragy, ata Watany goramak üçin dal bedewe atlanypdyrlar. Şol sebäpden halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde, şeýle hem nusgawy edebiýatymyzda bedew atlarymyz bilen baglanyşykly çeper eserlere, gymmatly maglumatlara yzygiderli gabat gelmek bolýar. Türkmen edebiýatynda çuňňur yz goýan nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mätäjiniň eserlerinde hem bedew atlaryň waspyny görmek bolýar. Nusgawy edebiýatymyzyň kerwenbaşysy Magtymguly Pyragynyň: «Bedew atlar ynsan ýaly syzýar» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, häsiýetli bedewlerimiz ynsan duýgularyna, adamyň begenjine, gynanjyna düşünip bilýän seýrek jandarlaryň biridir. Bedewlerimiz baradaky «At ady bilen, ýigit ody bilen», «At toýnagyny taý basar», «At üstüne müneni tanar», «At ýaryşda, är söweşde», «At agynan ýerde toý bolar», «At saklamak — han saklamak», «At rysgaly alnynda» ýaly nakyllardyr atalar sözleri halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan söýgüsiniň beýanydyr.
Ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatyna oňat düşünýän Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler» ýaly ajaýyp kitaplarynda ahalteke bedewlerimize mynasyp baha berilýär. Ahalteke atlary özüniň güýçlüligi, ýyndamlygy, owadanlygy bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdyr.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasaty ýörelgeleri esasynda, behişdi bedewlerimiz diňe bir toý-baýramlarymyzyň bezegi bolman, eýsem, dünýä derejesinde buýsanç nyşanyna öwrülýär. Bu günki günde sagdynlygyň we gözelligiň nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
