Daşoguz+1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

«Galkynyşyň» galkynyşly menzili

26.01.2026
1
«Galkynyşyň» galkynyşly menzili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy halkymyzyň şatlygyny artdyryp, buýsanjyny belende göterdi. Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr. Munuň şeýledigini ata Watanymyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi, ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda milli atşynaslyk sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly ornuň degişlidigini bellemek gerek. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolandygy örän guwandyryjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýelden ýüwrük bedewler Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, milletimiziň mirasynyň, türkmen halkynyň paýhasynyň dowamatlylygynyň beýanyna öwrülýär.
Halkymyzyň milli baýlygy, göz guwanjy we ýürek buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmak hem-de atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.