Daşoguz+1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Şanly ýylyň şygary — döwrümiziň çyragy

27.01.2026
1
Şanly ýylyň şygary — döwrümiziň çyragy

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, dürli medeni çärelerdir maslahatlar giň gerime eýe bolýar.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Dünýä çykdy bu gün türkmeniň ady, bedew batly ösüşleriň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Haltäç Bäşimowa, guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, KA-nyň işjeň agzalary, Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginiň enjamlary arassalaýjysy Bahar Orazowa, welaýat häkimliginiň gurluşyk önümçilik üpjünçiligi kärhanasynyň hünärmeni Serdar Miriýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigi, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýyly bolan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň bedewe wepaly gardaş, syrdaş dost hökmünde garalýan eziz Diýarymyzda her bir tutumly maksatlaryň myrat tapjakdygyna bolan berk ynamy şöhlelendirýändigini nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda il-ýurt bähbitli beýik işleriň, ýurdumyzyň parahatçylyga we dost-doganlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň bedew bady bilen älem içre dabaralanjakdygy uly buýsanç bilen bellenildi. 
Dabaraly maslahatyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.