Möhüm möwsüme taýýarlyk

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçy kärendeçileri her ýyl «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, oňat netijeleri gazanýarlar. Etrabyň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyl hem gadamlary batly. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda etrabyň babadaýhanlary 30 600 gektarda gowaça ekişini geçirmegi göz öňünde tutýarlar. Sürüm,tekizleme, çil çekmek, dürli dökünler bilen ýerleri gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak ýaly möhüm agrotehniki çäreler giň gerimde dowam edýär.
Şeýle hem häzirki günlerde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri-de guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň ekiş möwsümde etrap boýunça ekijileriň 137,boronalaryň 2065, malalaryň 258 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Her bir güni ýokary netijeler bilen jemleýän etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, tejribeli ussalary abatlaýyş işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Bu babatda kärhananyň göreldeli ussalaryndan Kerimulla Sarykulow, Baýmyrat Satlykow, Döwran Töräýew dagynyň atlaryny agzamak bolar. Işleriň öz wagtynda, talabalaýyk amala aşyrylmagy şu ýylda hem pagtaçy kärendeçileriň uly zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryna mümkinçilik berer.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
