Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, dokma senagaty pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Pudagyň birleşiklerinde, önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümler ýokary hilliligi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanyp, diňe bir içerki däl, eýsem daşarky bazarlarda hem uly isleg-talapdan peýdalanýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň barha belende göterilmegine, kuwwatynyň artmagyna möhüm goldaw berýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň şeýle ýokary sepgitlere ýetmegine saldamly goşant goşýan önümçilik kärhanalarynyň ençemesi biziň welaýatymyzda-da iş alyp barýar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigidir. Bu kärhanada işleriň döwrebap şertlerde amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegi onuň öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagyna mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, fabrikde ýurdumyzyň çäklerinde öndürilen pagta süýüminden birnäçe görnüşli önümler, ýagny ýörite belgili ýüplükler, mebel pamygy, arassalanan pagta galyndysy taýýarlanylýar. Bu iş kärhanada hereket edýän 3 sany önümçilik bölüminde alnyp barylýar. Olaryň her birinde öz kärinde uly iş tejribesi bolan hünärmenleriň, işçileriň ençemesi zähmet çekip, öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar.
Ýeri gelende aýdanymyzda, geçen ýyl bu kärhananyň işçi-hünärmenleri üçin hem üstünlikli boldy. Has anygy, olar şol ýylda jemi 1600 tonnadan gowrak önüm öndürmegiň hötdesinden geldiler. Şeýle hem şol ýylda öndürilen önümleri ýerlemek boýunça möhüm işler ýerine ýetirildi. Berlen maglumatlara görä, olaryň esasy bölegi Russiýa, Türkiýe ýaly ýurtlara ugradylypdyr.
— Kärhanamyzda jemi 240-dan gowrak adam zähmet çekip, olaryň 200-e golaýy gös-göni önümçilik işine gatnaşýar — diýip, fabrigiň maliýe işleri baradaky ykdysatçysy, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akjagül Gazakowa gürrüň berdi: — Olaryň arasynda öz gujur-gaýraty, gazanýan netijeleri bilen köplere görelde bolýan işçi-hünärmenlerimiz az däl. Şeýle zähmetsöýer işgärlerimizden Çemen Kuwwatnyýazowa, Farangiz Mätkerimowa, Aşyr Bekmyradow, Enegül Ilmyradowa, Jeren Sapargylyjowa dagynyň atlaryny tutmak ýerlikli bolar.
Kärhananyň işçi-hünärmenleriniň öndürijilikli zähmet çekmeklerinde olar üçin oňaýly iş, dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň ähmiýeti uly bolýar. Şonuň üçin hem bu barada yzygiderli alada edilip, derwaýys çäreler guralýar.
— Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy biziň kärhanamyzyň işçi-hünärmenlerini hem täze üstünliklere ruhlandyrdy — diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy: — Şonuň netijesinde olar häzirki günlerde has-da yhlasly zähmet çekýärler. Bu bolsa kärhanamyzda şu ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalarynyň hem üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär.
Elbetde, başda-da belleýşimiz ýaly, kärhananyň işçi-hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň giň gerimli goldawlarynyň netijesinde barha belent sepgitlere ýetýän ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine has-da uly goşant goşmak maksady bilen zähmet çekip, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Bu bolsa olaryň barha rowaçlanýan ýyly tutuşlygyna guwandyryjy netijelere beslejekdiklerini alamatlandyrýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
