
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär. Şu ýyl ýyladyşhanada pomidoryň «Pink Сhampion F1» görnüşi öndürilýär. Ýyladyşhananyň umumy meýdany 10 gektar bolup, bu ýerdäki 4 bölümde işgärleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň her biri özüne berkidilen işi ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýär. Ýyladyşhanada ähli işler awtomatik usulda, ýagny ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýylylyk, çyglylyk ýagdaýyny kadaly saklamak täze tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Göreldeli işgärlerden Gülşat Mamedowa, Zöhre Kutlymyradowa, Leýla Agabaýewa, Merjen Atajykowa dagyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýyladyşhananyň agzybir işgärleri hasyl ýygnamaga girişdiler. Ýygnalan hasyl terligine ak bazarlarda ilata elýeterli bahalardan ýetirilýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen ilaty ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available