Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary

Golaýda şeýle at bilen Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde okuw maslahaty geçirildi. TZB-niň Merkezi geňeşi hem-de Daşoguz şäher bölümi tarapyndan guralan maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.
Maslahatda Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, TZB-niň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Ogulsabyr Rejepowa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy müdirliginiň esasy maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist Nurbike Amanowa, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Soltanbagt Rejepowa, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şirin Allabaýewa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulgözel Hanowa, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni Selbi Hojakowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gender deňligi syýasatynyň dabaralandyrylmagy bilen, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarda yhlasly zähmet çekýändigi, olaryň jemgyýetdäki ornunyň berkidilmegine, hukuklarynyň we bähbitleriniň, maşgala mukaddesliginiň goraglylygyna aýratyn üns berilýändigi, bu ugurda ýurdumyzda halkara derejesinde maslahatlaryň geçirilýändigi, eneligi we çagalygy goramak babatda döwlet derejesindäki ägirt uly işleriň oňyn netijelerini berýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Şol bir wagtyň özünde öý-ojagyň örki, özeni hasaplanýan zenanlaryň ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp, kemala getirmekdäki orny barada täsirli söhbet edildi. Zenanlaryň özleri hakda edilýän bimöçber aladalara ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşlerine önjeýli goşant goşmak, ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimizi, edim-gylymlarymyzy, el işlerimizi dünýä tanatmak we mynasyp dowam etdirmek bilen jogap berýändikleri nygtaldy. Şeýle hem maslahata gatnaşanlar halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy, maşgala gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagy, ýaş nesilleriň sagdyn jemgyýetde kemala gelmegi barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň atlaryna çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň dowamy welaýatymyzyň zenan bagşylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
