
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Welaýat häkimliginde welaýatymyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden etrap halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekili, welaýat, etrap, etraplardaky şäher, geňeşlik saýlaw toparlarynyň başlyklary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda saýlaw möwsümini guramaçylykly geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler saýlaw möwsüminiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri, ýagny dalaşgärleri hödürlemek işleriniň badalga alandygyny, saýlaw hukukly raýatlaryň arasyndan mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmeginiň saýlawlaryň iň ähmiýetli tarapy bolup durýandygy, saýlawa taýýarlyk işleriniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik esasda amala aşyrylýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem saýlaw möwsümine degişli guramaçylyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Soňra maslahatyň gün tertibine laýyklykda seredilen meseleler boýunça özara sowal-jogap alşyldy.
Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available