
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz dünýäniň kuwwatly we hemmetaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem uly üstünliklere eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we netijeli peýdalanmak, olary innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi. Bu ugurda Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telelukmançylyk, telemaslahatlar arkaly tejribe alyşmak we näsaglara degişli maslahatlary bermek hyzmatlary ýola goýulýar. Myrat Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetinde täze Aýurweda okuw otagynyň dabaraly açylmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky ylym we bilim gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädimleriň biridir. Bu başlangyç iki ýurduň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde ylalaşyklaryň iş ýüzündäki beýanyna öwrüldi. Dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarydyr ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň alnyp barylmagy ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýanyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem saglygy goraýyş ulgamynda lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigine ynanýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, döwrebap şertlerde saglygyny berkitmegini we dikeltmegini, dynç almagyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available