Bagtyýar we abadan durmuşyň höziri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurlan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy 2024-nji ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu ajaýyp künjek ildeşlerimiziň köp sanlysynyň hemişelik mekan tutup, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýerine öwrüldi. Muny häzirki günlerde toplumyň tämiz köçelerinden barýan adamlaryň, çagalaryň ýüz-gözlerinden hem aňmak mümkin.
Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň çäginde jemi 1496 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaýlary, orta mekdep, çagalar bagy, saglyk öýi, söwda merkezi we beýleki goşmaça desgalar bar. Olaryň her biri zerur şertler, amatlyklar, kämil enjamlar bilen üpjün edilip, ýaşamaga, bilim almaga, saglygy dikeltmäge, dynç almaga oňaýly şertleri döredýär.
— Häzirki wagtda biziň mekdebimizde 600-e golaý okuwçy bilim-terbiýe alýar — diýip, şu toplumda ýerleşýän 37-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary Selbi Ýagmyrowa gürrüň berýär:
— Mekdebimizde mugallymlaryň 30-sy çagalara bilim we terbiýe berýär. Bu ýerde okuwçylaryň talabalaýyk bilim, terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertler döredilen. Synp otaglarymyz täze tehnologiýalar, beýleki serişdeler bilen üpjün edilen, kitaphana, dürli çäreleri geçirmäge niýetlenilen eýwanlar okuwçylaryň hyzmatynda. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny dowam etdirip, şeýle ajaýyp ak mekdebi sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemmämiziň hoşallygymyzyň çägi ýok.
Hakykatdan hem, bilim-terbiýe her bir ynsan üçin iň derwaýys zerurlyk. Bu toplumyň ýaş nesilleriniň hem özleri barada edilýän şeýle uly aladalara mynasyp jogap bermäge çalşyp, bu ugra ähli gujur-gaýratlaryny, hyjuw-höweslerini gönükdirýändiklerini bellemek ýakymly. Bu hem olaryň geljekde ata Watanymyza, halkymyza gerekli, kämil adamlar bolup ýetişjekdiklerinden habar berýär.
Başda belleýşimiz ýaly, ildeşlerimiziň ýüzlerçesi toplumyň çägindäki döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öý-ojak edinip, eşretli durmuşda ýaşaýar. Bize olaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolmak, hal-ahwal soraşmak miýesser etdi. Şonda olaryň biri, ýaş ene Täçbibi Şaýewa şeýle diýdi:
— Ildeşlerimiziň hatarynda biziň maşgalamyz hem şu toplumdaky ýaşaýyş jaýyndan öý almak bagtyna eýe boldy. Öýümizde ýaşamak üçin ähli zerur şertler bar. Tebigy gaz, elektrik energiýasy, sowuk, ýyly suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Çagalarymyz şu ýerdäki orta mekdebe gatnaýarlar. Biziň bir oglumyz, bir gyzymyz bar. Olaryň ikisi-de häzir başlangyç synp okuwçylary. Şeýle bagtly durmuşda ýaşaýandygymyz üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Toplumyň ýaşaýjylaryna hem-de olaryň myhmanlaryna hyzmat edýän söwda we dynç alyş merkeziniň işleriniň hem bu ýere gelen her bir adamyň ünsüni çekýändigini bellemek zerur. Merkeziň birinji gatynda öý-hojalyk üçin möhüm bolan azyk, senagat önümleriniň dürli görnüşleri rejelenip goýlupdyr. Olary synlanyňda diňe bir bu dükandaky däl, eýsem, ähli söwda nokatlaryndaky bolçulyk göz öňüňe gelip, guwanjyň artýar. Merkeziň ikinji gatynda bolsa, adyndan belli bolşy ýaly, ulularyňam, çagalaryň hem wagtlaryny gyzykly geçirip, oňat dynç almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilipdir. Onda dürli sport oýunlary, atly-pyýada, ýerde-asmanda gezelenç etmek bilen meşgullanmaga ýardam berýän enjamlar müşderileriň hyzmatynda. Ýeri gelende aýtsak, bu oýunlaryň diňe bir dynç almaga däl, çagalaryň aňynyň ösüşine, gözýetiminiň giňelmegine, endik-ukyplarynyň kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirýändigini olaryň töweregindäki şowhun-şagalaň anyk görkezýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Saýlanan bina» hususy kärhanasynyň işgärleriniň bu merkezde ýola goýan hyzmatlary toplumyň ýaşaýjylarynyň göwünlerini göterýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
