Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Eziz Diýarymyzda zenanlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, zehin-başarnyklaryny ösdürmek, işe ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, dürli bäsleşikler guralýar. Golaýda Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän, kesbinden kemal tapyp, tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde hem-de milli lybaslary ýaýbaňlandyrmakda ussatlyk görkezýän çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly ýagdaýa eýe boldy. Bäsleşigiň esasy maksady dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň gymmatly, baý iş tejribelerini açyp görkezmekden, zähmet adamlarynyň ýaş neslimize görkezýän göreldesini wagyz etmekden ybaratdyr. Bezemen sahnada bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyz-gelinler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri, türkmen halkynyň özboluşly milli aýratynlyklaryny, berkarar döwletimizde zenanlara goýulýan belent hormaty, olaryň dürli ugurlarda erkana zähmet çekmegi, tikinçilik bilen meşgullanmagy, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleri we olaryň nusgalaryny döwrebap derejede dowam etdirmek we kämilleşdirmek babatda döredilýän mümkinçilikleri wasp etdiler we ýaşlaryň arasynda el işlerine bolan höwesi artdyrmakda alyp barýan işleri barada buýsançly gürrüň berdiler. Soňra bäsdeş zenanlar bellenen wagtyň dowamynda kiçijik gyzjagaz üçin köýnek biçip we tikip görkezdiler hem-de taýýar köýnegi gyzjagazyň egnine geýdirip, onda ýerine ýetiren işlerini beýan etdiler. Soňra öz tiken eşiklerini geýip, türkmen milli lybaslarynyň çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen waspyny ýetirdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde birinji orna Görogly etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy Aky Gurbanowa, ikinji orna Ruhubelent etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Arzuw Berdiýewa, üçünji orna Gubadag etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy Aýlar Bazarbaýewa mynasyp bolup, olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň zenan bagşylarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
