Daşoguz+12°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Milli buýsanjymyz, belent mertebämiz

13.02.2026
1
Milli buýsanjymyz, belent mertebämiz

Gahryman Arkadagymyzyň «Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran eden tohum atlary ösdürip ýetişdirmek, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda geljekde hem alada ederis» diýen dana sözlerinden ugur alyp, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi.
Ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdirler we olary aýap saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Türkmen aty, nepis halysy, dutary, ak bugdaýy, alabaý iti — bularyň hemmesi halkymyzyň maddy gymmatlyk derejesine çykaran baýlygydyr. Bedew atyň waspy türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Oguz han, Gorkut ata we beýleki ençeme görnükli şahsyýetlerimiz hem bedew at barada dürdäne sözleri aýdypdyrlar. Halk döredijilik eserleriniň islendik görnüşinde, aýratyn-da, eposdyr dessanlarda «at çapdyrmak», «altyn gabak atdyrmak» ýaly at üstündäki oýunlar bilen bagly wakalara köp duş gelmek bolýar. 
Türkmenler ozallar öýlenjek ýigidi synagdan geçirmek däbini berjaý edipdirler. Gadym ata-babalarymyz tarapyndan çapyp barýan atyň üstünde nyşana atmak ýaly bäsleşikler geçirilipdir. Türkmen halk dessanlarynyň ählisinde bedew atyň keşbi gahrymançylykly wakalarda wepadarlygyň nyşany hökmünde suratlandyrylýar. Adampisint bedew atyň satylmaga mynasyp däldigini «Görogly» eposynda Göroglynyň: «Bermenem Ruma, Yspyhana» diýip, Gyratyň bahasyny örän belentde goýmagy subut edýär. Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan gamyşgulak bedewleri şahyrlarymyz şygyrlaryň üsti bilen, saz sungatynyň wekilleri bolsa şol şygyrlary aýdyma öwrüp ýa-da aýratynlykda saz döredip wasp edipdirler. Muňa mysal hökmünde «Göroglynyň at oýnadyşy», «Gyrat», «Taý atym», «Ýabylyk», «Atlyk» ýaly aýdym-sazlary görkezmek bolar. Bedew ata bolan söýgi türkmene gan bilen girendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler» atly kitaplarynda ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, dünýä atçylyk medeniýetinde tutýan orny we gymmaty dogrusynda giňden beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny artdyrmakda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.