
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän tutumly işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýar, ýurdumyzyň ösüşini pugtalandyrýar. Onuň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa, hukuk tertibini berkidýär, demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmagyna esas bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek demokratik däpleriň pugtalandyrylmagy bilen berk baglydyr. Şoňa laýyklykda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol ýurdumyzda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gazanmak maksadyna gönükdirilýär. Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, ol ýurdumyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunda göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, ýurdumyzyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek maksatlary göz öňünde tutulandyr. Kanunyň esasy wezipeleri saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramagyň we ony ýöretmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekden ybaratdyr. Kanun saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrýar. Saýlaw işlerinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available