Parahatçylyk — umumadamzat gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasy Ýer ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen şöhratlanjak 2025-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu beýik taglymatyň älem içre dabaralanmagyna şert döretdi.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, özüniň içeri we daşary syýasatynda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyndan ugur alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýakynda «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysyna beren interwýusynda hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri hakynda aýratyn durup geçdi. Biziň döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, ynanyşmagy dikeltmek ugrunda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýedir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — ata Watanymyzyň şöhratly taryhynyň şanly ýyllarynyň biri. Bu ýyl halkara başlangyçlarymyzyň belentden dabaralanýan we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly bolar. Şanly sene bilen baglanyşykly paýtagtymyzda iri halkara forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşynyň bähbidine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň rowaçlanýan şanly ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy