Daşoguz+12°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

«Ýylyň zenany 2026»

24.02.2026
1
«Ýylyň zenany 2026»

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň zenanlar barada edýän uly aladalaryna olaryň mynasyp zähmet bilen jogap bermeklerini gazanmak, zenanlaryň ukyplaryny, döredijilik başarnyklaryny, döwre gatnaşygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň dürli ugurlarynda ösüşleri gazanmak babatda zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak maksadynda geçirilýän bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda dowam etdi. 
Zenanlar bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda, öndürijilikli zähmet çekmekde yhlasyny, sungat derejesine ýeten el işlerini ýerine ýetirmekdäki asylly işlerini, milli däpdessurlarymyzy ýaş nesle öwretmekde, berkarar döwletimizde el hünärini dikeltmekde, ony kämilleşdirmekde, çaga terbiýesinde, halal hem tutanýerli zähmeti bilen tapawutlanmakda, harby we hukuk goraýyş ulgamynda işjeňligiň belent nusgasyny görkezmekde, ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine we telekeçiligiň ösdürilmegine saldamly goşant goşmakda, halypaşägirtlik ýörelgelerini dabaralandyrmakda özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. 
Toý dabaralary merkeziniň zenanlaryň täsin hem owadan dünýäsine mahsus bezelen sahnasynda bäsdeş zenanlar özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara mynasyp jogap berýändiklerini doly aýan etdiler. Bäsleşikde zenanlaryň jemgyýet, döwür bilen özara jebisliginiň dabaralanýandygy aýdyň ýüze çykdy. Baý manymazmuna beslenen bäsleşikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ruhubelent etrabyndaky 3nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Leýla Annamowa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça Ruhubelent etrabyndaky 3nji orta mekdebiň mugallymy Arazgül Hydyrowa, «Türkmeniň gadymy we ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabynyň Yzmykşir geňeşligindäki Ýeňbekçi oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Soltanbibi Sarjaýewa, «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Şabat etrabyndaky «Güli» tikinçilik öýüniň tikinçisi Mähri Orazmedowa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Şabat etrabynyň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen adyň eýesi Güljan Annamyradowa, «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Görogly beg adyndaky harby bölümiň gullukçysy Gülzar Weliýewa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendeçi Aýnur Seýidowa, «Halypaşägirtlik ýolýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky çagalar we ýetginjekler öýüniň gurnak ýolbaşçysy Aýna Çörliýewa dagy ýeňiji bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 
Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKAnyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň zenan bagşylarynyň aýdymsazly çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.