Daşoguz+12°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Enelere sarpanyň beýany

04.03.2026
1
Enelere sarpanyň beýany

Halkara zenanlar güni mynasybetli, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa häkimligiň jogapkär işgärleri, welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň zenanlary hakdaky aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde durmuşa geçirilýändigini, zenanlara döredilýän ähli şertleriň ýokary netijelerini berýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Baýramçylyk mynasybetli ýagşy arzuwlar, gutlag sözleri beýan edildi. Soňra dabara gatnaşýan mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary, ter gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ajaýyp pursatlaryň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. 

Şeýle mazmundaky baýramçylyk dabarasy Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda hem geçirildi. Dabarada mährem eneleriň uly toparyna jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.