Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Berekediň sakasy

17.03.2026
1
Berekediň sakasy

Nurana baharyň ýurdumyza gadam basmagy bilen, daýhanlarymyz üçin möhüm möwsüm badalga alýar. Bahar täzelenişiň we özgerişiň paslydyr. Bu döwürde daýhan ene ýere tohum sepip, bol hasylyň düýbüni tutýar. Ynsan ömri hem edil ýerden bir bölejik tohumyň gögerip, nahala, soňra uly daragta öwrülişine meňzeşdir. Halk arasynda aýdylýan pähimleriň birinde: «Näme ekseň, şony-da orarsyň» diýilmegi hem ýönelige däl. Ynsan ömrüniň dürli döwürleriniň tebigatyň hadysalary bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bardyr.
Bilim işgäri hökmünde rysgal-bereket hakyndaky terbiýeçilik ähmiýetli gürrüňlere okuwçylaryň arasynda kän ýüzlenýäris. Şonda hemişe olara zähmetiň berekediň sakasydygyny düşündirýäris. Meniň ýolbaşçylyk edýän synpymda bir oglanjyk bardy. 5-nji synpdaka zähmet mugallymy bahar paslynyň ilkinji günlerinde okuwçylara nahal ekmegi öwretdi. Olar bu işe höwesli ýapyşdylar. Synpdaky okuwçy oglanlaryň arasynda şol oglanjyk zähmete has-da yhlasly bolup çykdy. Onuň nahal oturdyşyndan zähmete höweslidigini görmek bolýardy. Şeýlelikde, okuwçylaryň her biri iki sany nahal ekdi. Şol ýyldan tä 12-nji synpa geçýänçä şol okuwçy günde eken nahallaryna suw berdi. Sapakdan boş wagtlary gelip, düýbüni ýumşatdy. Oglanjygyň yhlasyndan 7 ýylyň içinde hälki nahallar boý alyp, uly baga öwrüldi. Gür saýaly bu bag mekdebimizde «Ataşyň bagy» diýen at bilen tanalýardy. Şeýlelikde, bu okuwçynyň yhlasy, zähmeti köplere nusgalyk boldy. Her bir geçýän sapagymyzda zähmete söýgi barada gürrüň edilende, okuwçylaryň özleri hem şol okuwçynyň bagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýarlar. Halk arasyndaky «Zähmet soňy — rehnet» diýen pähimiň mazmuny hem hut şunuň bilen aýrylmaz baglydyr. Durmuşdaky ähli zatlary şol baglar, nahallar bilen deňeşdirip bolar. Maşgalada kemala gelýän perzent hem nahal mysalydyr. Perzende berlen terbiýe, görelde onuň geljegi üçin ähmiýetlidir. Ene-ata toprak bolsa, perzent daragtdyr. Olaryň saýasy ata-enäniň ömrüni nurlandyrýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, näme ekseň, şony-da orarsyň. Durmuşyň bu filosofiýasy üýtgewsizdir. Ony dürli ýyllaryň tejribesi subut edip gelýär. Şonuň üçin hem her bir ata-ene çaga terbiýesine-de aýratyn üns bermelidir.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.