Türkmeniň uçar ganaty

Welaýat Medeniýet müdirligi, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi, TDP-niň Daşoguz şäher komiteti, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlap, Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň, etraplaryň çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň, okuwçylarynyň arasynda «Gadamy batly bedewler» atly sergi-bäsleşigini guradylar. Sergä çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty ugry boýunça 1,2,3,4-nji synp okuwçylary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Sergide türkmeniň buýsanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň üsti bilen waspy ýetirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara, işjeň gatnaşan mugallymlara, okuwçylara TMÝG-niň şäher geňeşiniň, TDP-niň şäher komitetiniň hem-de Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
