Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 29-njy martynda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de etrap halk maslahatynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Çünki saýlaw möwsüminde ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri, ilat bilen geçirilen wagyz hem-de duşuşyk çäreleri saýlawlaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçmegini üpjün etdi.
Saýlawlar etrap halk maslahatlarynyň agzalary boýunça täze döredilen 42 sany saýlaw okrugynda hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar boýunça 55 okrugda, 163 sany saýlaw uçastogynda işjeň ýagdaýda geçirildi. Saýlawlar güni syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, raýatlar topary tarapyndan hödürlenip, hasaba alnan 201 sany dalaşgäre welaýatymyz boýunça 215 480-den gowrak saýlawçy ses bermäge gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň çözgüdi esasynda welaýatymyzda täze döredilen Gubadag hem-de Garaşsyzlyk etraplarynda we beýleki etraplarda saýlawlar güni toýy ýatladýan ýagdaýlar emele geldi. Ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar dabaraly pursatlarda milli demokratiýanyň giňden dabaralanýan ajaýyp ýurdumyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görmäge giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Jemgyýetçilik durmuşynda möhüm syýasy wakanyň dabaralanýan gününde ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýan ýaşlara welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Demokratik ýörelgeleriň ähmiýetine çuňňur düşünýän ildeşlerimiz saýlawlara işjeň gatnaşyp, iň mynasyp gören adamlaryna öz seslerini berdiler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
