Daşoguz+12°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Daşoguzda bagşy-sazandalar jem boldy

01.04.2026
1
Daşoguzda bagşy-sazandalar jem boldy

Türkmen halkynyň köňül buýsanjy, milli medeniýetiniň sarsmaz sütüni bolan bagşyçylyk sungaty täze taryhy eýýamda özüniň hakyky galkynyşyny başdan geçirýär. Gadymy Daşoguz topragymyzda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» ady bilen geçirilen festiwal halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyran medeni wakalaryň birine öwrüldi. Bu festiwal diňe bir saz sungatynyň dabaralanmasy bolman, eýsem, halypa-şägirtlik mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Bilşimiz ýaly, dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmek bilen, halkara derejesinde hem ykrar edildi. Festiwalda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen belli bagşy-sazandalar hem-de ýaş zehinler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Festiwala gatnaşyjy myhmanlar, ir säher bilen, Daşoguzyň  demir ýol menzilinde duz-çörek  bilen dabaraly garşylanyldy. Soňra, festiwala gatnaşyjylaryň ýörişiniň Daşoguz şäheriniň «Görogly» meýdançasyndan badalga almagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýörişe gatnaşyjylar dessançy şahyryň adyny göterýän Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan teatryň döredijilik toparynyň we welaýatyň birleşen tans toparynyň  edebi-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Teatryň öňündäki meýdançada halkymyzyň mili gymmatlyklarynyň, senetçilik sungatynyň, çeper elli zenanlarymyzyň el işleriniň, dokma önümleriniň, welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň bagşy–sazandalara bagyşlanan amaly-haşam eserleriniň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar teatryň foýesinde welaýatyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren «Festiwal» atly aýdymy bilen garşy alyndy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide bolsa milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde we ýaýratmakda türkmen dessançy bagşylarynyň hyzmatynyň uludygy açylyp görkezildi. «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal teatryň sungat ussatlarynyň edebi-sazly çykyşy bilen açyldy. Soňra festiwalyň  myhmanlaryna söz berildi. Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow festiwaly dabaraly ýagdaýda açyp berdi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş edip, festiwalyň bu keremli toprakda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň milli medeniýetini öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň bagşy-sazandalary halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.