Daşoguz+12°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri geçirilýär

02.04.2026
1
Arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek barada öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp, her ýyl şäherlerde, obalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle paýhasly ýörelgeleriň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem rowaçlandyrylýandygy örän guwandyryjydyr. Munuň şeýle bolmagyna şu ýylyň 21-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda uly dabara bilen ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi has-da uly itergi berdi. 
Ata Watanymyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem şeýle haýyrly işler giňden badalga aldy. Şonuň netijesinde hepdäniň şenbe günleri welaýatymyzyň çäklerindäki şäherdir obalarda, edara-kärhanalaryň, ýokary hem-de orta okuw mekdepleriniň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töwereklerinde abadanlaşdyryş, arassaçylyk çäreleri geçirilýär. Olaryň dowamynda seýilgählerde, köçeleriň ugrunda, akabalaryň boýlarynda miweli, saýaly, bezeg agaç nahallary oturdylýar, ozaldan bar bolan daragtlara timar bermek, ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. 
Ata-babalarymyzdan miras  galan şeýle paýhasly ýörelgelere eýerip, bu haýyrly çärelere gatnaşmaga isleg bildirýän ildeşlerimiziň sanynyň barha artýandygyny bellemek ýakymlydyr. Olaryň arasynda ýaşuly nesliň wekilleri-de, dürli ugurda, kärde zähmet çekýän adamlar hem, okuw jaýlarynda bilim alýan, hünär öwrenýän ýaşlar-da bar. Şeýle agzybirlige, ýokary ruhubelentlige ýugrulan çäreler guwandyryjy netijeleri hem berýär. Şonuň netijesinde şäherdir obalaryň görküne görk goşulyp, seýilgähleriň, köçeleriň arassaçylygy has-da gowulanýar. Bu bolsa ildeşlerimiziň arassa, tämiz howadan dem alyp, sagdyn, päkize durmuşda ýaşamagyna, ajaýyp döwrümiziň has-da gülläp ösmegine oňaýly şertleri döredýär. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.