Daşoguz+27°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Kümüşden dokalan nepislik

07.04.2026
1
Kümüşden dokalan nepislik

Gupba şaý-sepleriň arasynda iň gadymy we ähmiýetli nusgalaryň biridir. Ol diňe bir bezeg däl, eýsem, gorag manysyna hem eýedir. Gupba sözi, aslynda, gümmez, belentlik diýen ýaly manyny aňladýar. Onuň görnüşi gümmeze meňzeş bolup, asman gümmezini alamatlandyrýar. Gupba tahýanyň üstüne berkidilýär we gyzyň başyny has belent, boýuny syratly görkezýär. Gupbaly tahýany durmuşa çykmadyk gyzlar dakynypdyrlar. Gupbanyň ýüzüne, esasan, hakyk gaşlar oturdylypdyr. Ol saglygy, berkligi we gowulygy aňladypdyr. Gupba arassalygyň we durnuklylygyň nyşany bolan kümüşden ýasalýar. Gupbanyň taryhy örän gadymy döwürlere çenli uzap gidýär. Ol diňe bir zergärçilik önümi bolman, eýsem, türkmen halkynyň etnogenezi, dünýägaraýşy we harby taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerde zenanlar erkekler bilen bir hatarda söweşe gatnaşypdyrlar. Şonda gupba gorag guraly bolup, urgudan gorapdyr. Wagtyň geçmegi bilen, parahatçylykly döwürde bu metal gorag serişdesinden kümüşden ýasalýan we dürli gymmat bahaly daşlar bilen bezelýän nepis şaý-sepe öwrülipdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleri gupba meňzeş başgaplaryň nusgalarynyň günorta Türkmenistanyň çäklerinde duş gelýändigini görkezýär. Altyndepede we Nusaý ýadygärliklerinde tapylan zenan şekiljiklerinde gümmez şekilli gupba bolupdyr. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.