Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Eýjejik gyzjagazyň köňül kelamy

09.04.2026
1
Eýjejik gyzjagazyň köňül kelamy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bagtyýar çagalaryň erkana ösmegi, olaryň aň-paýhasynyň kämilleşmegi, zehinlerini açyp görkezmegi babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzdan hem körpeje gyzjagazlaryň has tapawutlanyp çykyş etmegi, baýrakly orna mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr.

Zöhre SAPAROWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 
7-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy:
— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, asuda Watanymyzyň goýnunda biz, bagtyýar nesiller, erkana ýaşaýarys. Bagtly çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda biziň okamagymyz, bilim almagymyz, döredijilik bilen meşgullanmagymyz üçin ähli şertler bar. Şeýle ajaýyp döwrüň körpesidigime buýsanýaryn. Ýaş nesilleriň arasynda ukyp-başarnygymyzy ýüze çykarmagymyz, özümizi kämilleşdirmegimiz üçin guralýan bäsleşikler bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Şu ýyl özüm ýaly deň-duş gyzjagazlaryň arasynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmagym meniň durmuşymyň ýatdan çykmajak pursadyna öwrülip, çaga kalbymy joşa getirdi. Gazanan üstünligim enem-atamy, mugallymlarymy hem guwandyryp, buýsanjyny artdyrdy. Bu bolsa meniň indiki ýeňişlere bolan ynamyma güýç berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz hakda edýän aladalaryna oňat okamak, bilimimi artdyryp geljekde Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak bilen jogap berjekdigime ynandyrasym gelýär. Biz barada çäksiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.