
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly şygar bilen halypa ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Şabat etrabynyň Altynýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde geçirilen bu duşuşygy ýazyjy, «Biznes-reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Orazgulyýew alyp bardy. Duşuşykda şahyr, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejepow, şahyr, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew, şahyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Dädebaý Nartyýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda häzirki zaman jemgyýetinde edebiýatyň we sungatyň adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrmakdaky orny, döredijilik duşuşygynyň diňe bir hünär ussatlygyny görkezmän, eýsem, ýaş döredijiler üçin uly mekdepdigi, halypalaryň döredijilik ýoly bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigi, okyjynyň ýa-da tomaşaçynyň özüni gyzyklandyrýan soraga garaşylmadyk, içgin jogap alyp bilýändigi, galyberse-de, şu uly wakanyň oňa gatnaşanlarda okamaga, öwrenmäge, döretmäge we gözlegde bolmaga höwes döredýändigi dogrusynda gyzykly söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän şygyrlaryny okap berdiler. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz topary edebiýatyň we sungatyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak lezzet paýladylar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available