Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda beýleki oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda ýeralmanyň öndürilişini artdyrmak, bazar bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, welaýatymyzyň ekerançylary bu ugurdaky taýýarlyk işlerini talabalaýyk guradylar. Ýeralmanyň ýazky ekişine öz wagtynda girişip, bu işiň depginini barha güýçlendirýärler. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatymyz boýunça 8800 gektar meýdana ýeralma ekmek göz öňünde tutulyp, munuň üçin niýetlenilen ýerler, ýokary hilli tohum, ekişde ulanyljak tehnikalar doly taýýar edildi. Munuň özi ýeralmanyň ekişiniň öndürijilikli alnyp barylmagyna oňaýly şertleri döredýär.
Ýazky ýeralmanyň ekişine öňdäkileriň hatarynda girişen Şabat etrabynyň kärendeçi daýhanlary jemi 1995 gektar meýdanda ýeralma ýetişdirmegi meýilleşdirýärler. Etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginde 160, A.Biruni adyndaky daýhan birleşiginde 150 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirmäge gönükdirilen çäreler günsaýyn ýokary depgine eýe bolýar. Welaýatymyzyň Akdepe, Boldumsaz, Görogly etraplarynda hem ýeralma ekişi giň gerim alýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy