
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak, sagdyn durmuşy wagyz etmek hem-de zähmetkeşler köpçüligi üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmak, il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini döretmek, önümçilikde şikes almagyň öňüni alýan häzirki zaman tehniki howpsuzlyk serişdelerini ornaşdyrmak we howpsuzlygyň talaplaryna jogap berýän zähmet şertlerini üpjün etmek işlerini ýola goýýarlar. Şu ýylyň 30-njy martyndan 4-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky «Daýanç» dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň guramagynda «Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda kärdeşler arkalaşyklarynyň mynasyp orny» diýen at bilen okuw maslahaty hem-de pudagyň hasabat-saýlaw konferensiýasy geçirildi. Konferensiýada hasabat döwründe edilen işlere seljerme berildi, degişli kararlar kabul edildi. Okuw maslahatyna KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, komitetiň hem-de derňew toparynyň agzalary, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar, biri-birleri bilen tejribe alyşdylar. Ýokary guramaçylykda geçen okuw maslahatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada çykyşlar diňlenildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işleriniň döwrüň talabyna laýyk guralyşy, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplarynyň, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini döredijilikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň öňünde durýan wezipeler dogrusynda guralan çykyşlar diýseň täsirli boldy.
Okuw maslahatynyň dowamynda gezelençler guraldy, gyzykly dynç alyş çäreleri geçirildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available