Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi

Golaýda Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda Türkmenistanyň Içeri işler hem-de Bilim ministrlikleriniň ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa ozal şu bäsleşigiň etrap hem-de şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlaryň 10-sy gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpunyň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni almakda, onuň gysga wagtyň dowamynda söndürilmegini gazanmakda zerur bolan ukyp-başarnyklary pugta ele almaklaryna, şeýle gyssagly pursatlarda ulanylýan serişdeleri peýdalanmagyň tärlerini içgin öwrenmeklerine ýardam bermek maksadynda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bu tapgyra gatnaşan toparlaryň agzalary päsgelçilikli 100 metr aralyga, şonuň ýaly-da päsgelçilikli 400 metr aralyga estafeta görnüşinde ylgamak, bellenilen hereketleri ýerine ýetirmek boýunça özara güýç synanyşdylar. Bäsleşigiň barşynda olaryň her bir hereketine, çalasynlygyna, ugurtapyjylygyna eminler tarapyndan mynasyp bahalar berildi. Bäsleşigiň umumy netijelerine görä, Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň topary 1-nji, Şabat etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň topary 2-nji, Köneürgenç etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň Diplomlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy hem-de iň ýokary orna eýe bolan topara bäsleşigiň şu ýylyň 22 — 24-nji aprelinde Daşoguz şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýändigi yglan edildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
