Azyk bolçulygyna goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen talabalaýyk üpjün edilmegini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlere telekeçiler hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň öndürýän ýokary hilli önümleri bazarlaryň, söwda merkezleriniň haryt bolçulygyny artdyryp, köpçüligiň uly isleginden peýdalanýar. Bu babatda giňden tanalýan telekeçilik kärhanalarynyň, hususy önüm öndürijileriň onlarçasy biziň welaýatymyzda hem hereket edýär.
Şeýle kärhanalaryň biri-de, Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Genç» hojalyk jemgyýetidir. Ol indi ençeme ýyllardan bäri halkymyzyň has köp isleg bildirýän önümleriniň hatarynda durýan ary balyny öndürmek bilen meşgullanýar. Munuň şu geçen döwürde oňat netijeleri berip, kärhananyň tutuş ýurdumyzda hem uly abraýa eýe bolmagyna getirendigini aýtmak gerek. Kärhananyň önümçilik bölüminde daşary ýurtlardan getirilen kämil enjamlar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Olaryň kömegi bilen arylardan alynýan balyň hilini barlamak, bellenilen görnüşlere getirmek, taýýar önümi dürli ölçegdäki gaplara gaplamak ýaly işler ýerine ýetirilýär. Şonda olaryň takyk hem-de talabalaýyk derejede bolmagy esasy meseleleriň biri bolup durýar. Çünki häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde önümiň hili, daşky bezegi, bahasynyň elýeterli bolmagy hyrydarlary aýratyn gyzyklandyrýar.
Şeýle derwaýys işleri göwnejaý berjaý etmekde bu ýerde zähmet çekýän 20-ä golaý işçi-hünärmenleriň ählisiniň hem uly goşantlarynyň bardygyny bellemek zerurdyr. Sebäbi olar ary maşgalalaryny welaýatymyzyň agzalan künjeklerinde ýerleşdirmekden başlap, ýygnalan baly şertnama baglaşylan ýerlere ugratmaklyga çenli aralykdaky hemme çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa kärhananyň gazanýan ösüşlerinde, eýe bolýan netijelerinde uly ähmiýete eýe bolup durýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
