Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Gülleýär parahat, asuda Watan

22.04.2026
1
Gülleýär parahat, asuda Watan

Bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obalary, şäherçeleri, etrapdaky şäherleri has-da gözelleşdirmek, bu babatda alnyp barylýan arassaçylyk-abadançylyk işleriniň gerimini giňeltmek hem-de bedew batly ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň yhlasly zähmetine sarpa goýmak maksady bilen welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň olaryň arasynda yglan eden «Gülleýär parahat, asuda Watan» atly bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. 
Bäsleşik 2 tapgyrda, ýagny etrap we welaýat derejesinde guralyp, onuň geçişine baha bermek üçin welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli gulluklaryň wekillerinden ybarat ýörite eminler topary döredildi. Ol bellenilen wagtyň dowamynda degişli çäklerde bäsleşigiň şertleriniň ýerine ýetirilişi, arassaçylyk, abadançylyk çäreleriniň berjaý edilişi bilen tanşyp, ýeňijileri kesgitledi. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen çözgüdine laýyklykda, etrapdaky şäherleriň we şäherçe geňeşleriniň arasynda 1-inji orna Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky şäherçe geňeşliginiň, 2-nji orna Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç hem-de Görogly etrabynyň Görogly şäher geňeşlikleriniň, 3-nji orna Gubadag etrabynyň Gubadag şäher we Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky şäherçe geňeşlikleriniň, oba geňeşlikleri boýunça 1-inji orna Şabat etrabynyň Şabat, 2-nji orna Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk, 3-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym we Ruhubelent etrabynyň Geňeş geňeşlikleriniň mynasyp bolandyklary yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijileri welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.