Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Kanunlaryň talaplary düşündirildi

23.04.2026
1
Kanunlaryň talaplary düşündirildi

Ýaňy-ýakynda kabul edilen kanunlaryň talaplaryny halk köpçüliginiň arasynda düşündirmek maksady bilen, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony Daşoguz şäher häkimligi, şäher prokuraturasy, şäher polisiýa bölümi, TSTP-niň şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar. Maslahata Mejlisiň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Mejlisiň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, Daşoguz şäher prokuraturasynyň uly sülçüsi Altymyrat Mämmedow, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Aýbölek Muhadowa, TSTP-niň şäher komitetiniň başlygy Didar Osmanow, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow dagy çykyş edip, ýurdumyzyň ösüşleriniň kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, munuň halkymyzyň abadan we bagtly ýaşaýşyny üpjün edýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Ýaňy-ýakynda milli parlament tarapyndan birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilendigi, oňa laýyklykda, birnäçe hukuk özgertmeleriniň beýan edilendigi barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň netijesinde administratiw-hukuk gatnaşyklarynyň kämilleşdirilendigi barada giňişleýin düşündirildi, kanunda beýan edilen kadalaryň talaplary wagyz edildi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.