
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Halkymyzyň ir döwürlerden bäri öz ýakyn syrdaşy, wepaly dosty hasaplap gelýän bedew atlaryna bolan hormat-sarpasy, mähir-söýgüsi biziň häzirki ajaýyp döwrümizde has-da belende göterilip, giň jahana ýaýylýar. Munda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar barada edýän çäksiz aladalarynyň, diňe bir ata Watanymyzyň çäklerinde däl, eýsem, dünýä derejesinde giň rowaçlanýan parasatly ýörelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas çeşmesiniň önümi bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly meşhur kitaplarynda halkymyzyň bibaha milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýan ahalteke bedewleriniň taryhy, şan-şöhraty, at-owazasy täze, döwrebap öwüşginler bilen, anyk deliller arkaly çuňňur beýan edilýär. Belläp geçişimiz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bedew atlarymyzyň abraý-mertebesi örän belent tutulýar. Munuň şeýledigini döwlet nyşanymyzda onuň keşbiniň şekillendirilmeginden başlap, häzirki wagta çenli amala aşyrylan işler doly tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilip, uly dabaralara beslenmegi-de oňa anyk şaýatlyk edýär. Şonuň bilen birlikde, şu uly sene mynasybetli bedewleriň gözellik bäsleşikleriniň, olara bagyşlanan dürli derejedäki sergileriň guralmagy, ýurdumyzyň tanymal atşynaslaryna, ussat seýislerine hormatly atlaryň berilmegi ýakymly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilik berýär» diýip, guwanç bilen nygtaýar. Bu sözlere subutnama hökmünde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegini, häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurtlarynda ahalteke bedewleriniň assosiasiýalarynyň, birleşikleriniň, merkezleriniň hereket edýändigini, olara agza bolmaga isleg bildirýän bedew janköýerleriniň barha artýandygyny bellemek bolar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available