Zähmeti goramak — möhüm wezipe

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşguz welaýat birleşmesi edara-kärhanalarda zähmet çekýän adamlar üçin sagdyn hem-de howpsuz iş şertleriniň döredilişiniň, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişiniň has-da gowulandyrylmagyna ýardam bermek, zähmeti goramak boýunça geçirilýän «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen şygar bilen çäräniň çäklerinde «Berkarar ýurdumda sagdyn zähmetiň mekanyny gurduň» atly maslahaty gurady. Oňa TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşleriň, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda zähmeti goramak boýunça amala aşyrylýan işler, bu babatda edara-kärhanalarda döredilýän şertler hakynda gürrüň berdiler, öňde duran wezipeler hakynda aýtdylar. Şonuň ýaly-da maslahatyň dowamynda edara-kärhanalaryň zähmeti goramak şertlerini üpjün etmek boýunça has-da tapawutlanan işgärlerine sylaglar gowşuryldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
